- ynamsyz
- Ynama mynasyp bolmadyk, ynamy ödemeýän, ynamly däl, ynamdan düşen, ynançsyz, ygtybarsyz.∙ Artyk oňa bir hili ynamsyz göz bilen garady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Begenjiň janygyp edýän gürrüňine Aýsoltan ynamsyz ýylgyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)∙ Munuň özi olaryň ynamsyzlara we müňkürlere berýän jogabydyr. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.